Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasy Baku deňiz kenaryndaky milli seýilgäh administrasiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan welosiped gezelenjini gurady. Bu baradaky habary orient.tm “Trend” halkara habar gullugyna salgynyp ýetirýär.
Habarda bellenilmegine görä, döwlet baýdagy meýdançasynda başlanan welosiped sürmegiň ugry Primorskiý bulwarynyň – Bakunyň merjeniniň welosiped ýolundan geçdi. Welosipdeli ýörişe ilçihananyň wekilleri, talyplar we welosiped höwesjeňleri gatnaşdy.
Gülnabat Saparowa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
insitutynyň dünýä ykdysadyýeti hünäriniň talyby
Teswirler