Özbegistanda «Orta Aziýa dünýä siwilizasiýanyň çatyrygynda» atly Halkara medeni forumy geçiriler

14 – 15-nji sentýabr aralygynda Özbegistanda ÝUNESKO bilen «Orta Aziýa dünýä siwilizasiýanyň çatyrygynda» atly Halkara medeni forumy geçiriler. Duşuşyga Gazagystan, Türkmenistan, Täjigistan, Eýran, Russiýa, Belarussiýa ýaly döwletlerden wekiller gatnaşar.

Forumyň çäginde geçiriljek çäreler Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy şäherlerden biri Hywada geçer. Bu ýere alymlar we bilermenler, akademiki edaralaryň wekilleri, şeýle-de sosial we gumanitar ylymlary boýunça hünärmenler, şol sanda filosoflar, lingiwistler, taryhçylar, sungaty öwrenijiler, antropologlar we sosiolaglar ýygnanyşarlar. 

Forumuň esasy maksady etrabyň baý taryhyny we ýadygärliklerini açyp öwrenmekden şeýle-de «COVID-19» pandemiýasynyň we klimatyň üýtgemeginiň çagyryşlaryna hem-de howpuny öwrenmäge bagşylanar. 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok