Dänew etrabynyň kärendeçileri şu ýyl 50 müň 700 tonna «ak altyn» ýygnamagy maksat edinýärler

Dänew etrabynda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek, olara talabalaýyk ideg etmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Etrapda şu ýyl gowaçanyň ýokary hasyl berýän «S-2606»,
«Ýolöten-39», «Jeýhun» ýaly görnüşleri ekildi. Etrabyň tejribeli pagtaçylary 18 müň 500 gektara ekilen gowaça meýdanyndan 50 müň 700 tonna «ak altyn» ýygnamagy maksat edinýärler.

Pagta kabul ediş bölümleriň 6-synda we pagta arassalaýjy kärhanalaryň 2-sinde täze hasyly kabul etmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Häzirki wagtda hasyl ýygymy üçin «John Deere» kysymly kombaýnlaryň 34-si taýýarlyk ýagdaýyna getirildi. Daýhan birleşiklerini­ň 15-sinde möhüm möwsüm bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri giň gerimde ýaýbaňlandyryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok