Telekeçilikde döredijilikli we agzybir iş alyp barmak barada trening geçirildi

TSTP-nyň Aşgabat şäher komitetiniň ýaşlar bilen geçirilýän hepdelik duşuşygynda maliýe sowatlylygy baradaky açyk sapagy bilen bir hatarda amaly okuw geçirildi.

Ykdysadyýetçi Ata Temirow yzgiderli alyp barýan maliýe hasabaty baradaky okuwynyň bu gezekki sapagynda kärhananyň ýa-da telekeçiniň dolanşykdaky serişdeleriniň hasabynyň dogry ýöredilmegi barada boldy.
Yzýany bilen telekeçi Rahymberdi Kerimow ýaşlar bilen amalyýet okuwyny geçirdi. Gatnaşýanlar toparlara bölündi we olara ýumuş berildi. Ýumuşy topar bolup ýerine ýetirilip, taýýarlanan hödürnamalar sahnada çykyş edip köpçülige düşündirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik we syýasy guramalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren sanly ulgam arkaly duşuşygynda bu guramalara birnäçe tabşyryklary berdi. Şol maslahatdan gelip çykýan wezipelerden ugur alyp, TSTP ýaşlary döwrüň talaplaryna laýyk ýetişdirmek, olary telekeçilige çekmek barada köpugurly işleri yzgiderli alyp barýar.

Merdan Ataýew
TSTP-nyň Aşgabat şäher komitetiniň baş hünärmeni

Şeýle-de diňläň:
Gysgaça podkast – Ata Çaryýewiç

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok