Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde her etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlara ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeler göz öňünde tutular. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň 9-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde wise-premýer S.Berdimuhamedowa degişli tabşyryklary berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti, ilkinji nobatda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary bilen ýygnanyp, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kabul eden maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasy boýunça maslahat geçirmegi, 2022-nji ýylyň maýa goýum maksatnamasyna düýpli seredip, ony taýýarlamagy hem-de tassyklamagy tabşyrdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň, şeýle hem beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň möçberlerini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmagyň zerurdygyny aýtdy.
Wepa Iljanow
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň talyby.
Teswirler