ÖSÜŞLERE BESLENIP – GALKYNAN WATAN!

Pederlerimiziň yhlasynyň, arzuwlarynyň, amala aşyrylan ummasyz işleriň netijesinde, agzybir halkymyz Garaşsyz ýurduny — berkarar döwletini gurdy, milli baýlyklarynyň hak eýesi boldy. Taryh üçin gaty bir uzak döwür bolmadyk 30 ýylyň içinde bu mizemez bagtyny — mukaddes Garaşsyzlygyny has-da berkitdi. Biziň bu ajaýyp döwrümiz — Garaşsyzlyk eýýamymyz «Berkarar döwlet istärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan, «çoh garaşan» zamanasydyr. 

Özygtyýarlylyk, erkinlik, asudalyk, parahatçylyk ýaly jümleleriň ählisi hem «Garaşsyzlyk» diýen nurana sözden gözbaş alýandyr. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy hem hut şol ýörelgelerden binýat bolup, oňa merdana pederlerimiziň abadan, parahat durmuşda ýaşamak baradaky arzuw-islegleri siňendir.  Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň esasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň  30 ýyllyk ýubileý toýuny uly şatlyk-şowhun bilen geçirmeklik göz öňünde tutulýar.

Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy giňden dabaralandyrylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly» diýlip atlandyrylan ýylymyzda beýik ösüşlere, möhüm çözgütlere we taryhy wakalara beslenýän ýurdumyzda milli Liderimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde, türkmen döwletiniň abraýy barha ýokary derejelere göterilýär. 

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda bir-biri bilen utgaşyp gelýän taryhy wakalar türkmen halkynyň bagtyýarlygyny berkarar döwletimiziň ösüşleriniň aýdyň alamaty bolup ýüreklere ornaýar. 

Bilbil MYRADOWA,

Magtymguly adyndaky
TDU-nyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok