Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkyň saglygyny gorap saklamak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak ilatymyzyň durmuş goraglylygyny netijeli üpjün etmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň berilmegini üpjün etmek üçin milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, lukmançylyk edaralaryny iň täze enjamlar bilen üpjün etmek ýaly möhüm wezipelere döwletimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýär.
Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri dünýä medeniýetiniň örän möhüm gymmatlyklarydyr. Bedenterbiýe we sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän we ösüşe ruhlandyrýan güýçdür. Şu nukdaýnazardan, päk ahlaklylygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde doly ykrar edilýän eziz Watanymyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, halkymyzyň saglygy, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyz halkymyzyň we ilkinji nobatda ýaş nesliň sagdynlygy ugrunda birnäçe giň möçberli işleri durmuşa geçirýär.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasy adam saglygy hakynda edilýän alada bilen baglanyşykly geljege nazarlaýan toplumlaýyn işleri özünde jemleýär.
Göwher ITALMAZOWA,
Lebap welaýatynyň 3-nji şäher
saglyk öýüniň Kärdeşler arkalaşygynyň
ilkinji guramasynyň başlygy.
Teswirler