“Gül-bilbil” – ilkinji gezek görkeziler

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda “Gül-bilbil” operasynyň sahnalaşdyrylmagy tamamlandy.

Bu opera türkmeniň görnükli şahslarynyň biri bolan Abdylla Şabendäniň eposy esasynda goýulandyr.

Abdylla Şabendäniň hem 300 ýyllyk ýubileýine sowgat boljak bu operanyň režissýory Aýnazar Batyrow, kompozitory Hudaýnazar Amangeldiýew we librettosynynyň ýazary Gowşutgeldi Daňatarow bolup durýar.

Bu operada Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary çykyş ederler.

“Gül-bilbil” operasy Lebap welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän “Medeniýet hepdeliginiň” çäklerinde ilkinji premýera görközilişini eder. Has dogrusy, bu opera 24-nji iýunda Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda ilkinji gezek tomaşaçylara gözkeziler.

Suraý RAHMANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň

“Teatr sungaty” fakultetiniň
“Drama režissurasy” hünariniň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok