TÜRKMEN MILLI OÝUNLARYNA GOÝULÝAN SARPA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna esaslanyp, Mary şäheriniň Ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebinde Hormatly Prezidentimiziň türkmen milli oýunlaryny wagyz etmek baradaky tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen ,ýetginjek türgenleriň arasynda  “Aýterek-Günterek”, “Ogar-Ogar”, “Guba gazlar” atly  türkmen milli oýunlary gurnaldy.Oýunlar düzgün bolşy ýaly ,gyzykly,göçgünli we özüne çekiji ýagdaýda geçdi.Biziň ata-babalarymyz hem şahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek maksadynda çagalar üçin köpsanly oýunlary oýlap tapypdyrlar.Dürli ýerlerde ugur tapmak, çakgan bolmak, güýjiňi we çalasynlygyňy artdyrmak ýaly adaty endiklerden başga-da, oýunlar çagalarda zehinli hem-de ruhy-ahlak häsiýetleri, erk-islegi, maksada ýetmekde tutanýerliligi, sazlaşykly hereket etmek başarnygyny kemala getirmäge gönükdirlendir. Halk oýunlary milletimiziň döreýşiniň şaýatlary bolup durýar diýsek öte geçdigimiz bolmaz, onuň taryhy bäş müň ýyla barabar döwri öz içine alýar.

Eşniýazowa Halida
Ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebiniň tälimçisi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok