Döredijilik bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň biragyzdan gelen netijesine görä, baş baýraga Türkmen döwlet maliýe institutynyň 4-nji ýyl talyby Ogulnur Pirjikowa mynasyp boldy. 1-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Ýolaman Mämmedow, 2-nji orunlara degişlilikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby Hatyja Döwletnazarowa hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Ogulbibi Mämmetgurbanowa, 3-nji oruna bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby Sona Halykowa dagylar mynasyp boldular.

«Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly geçirilen döredijilik bäsleşigiňýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Perman HOJAMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok