BELENT YNAM BILEN ÝAGTY GELJEGE

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň kuwwatlanmagy bilen birlikde täze türkmen jemgyýeti kemala geldi. Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş ugrunda saýlap alan ýolunyň bedew badyna bütin dünýä haýran galýar. Bary-ýogy 30 ýylyň içinde türkmen döwletiniň geçen ýoly asyrlara barabardyr.

Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz döwletimiziň bu ýubileý toýunyň şäherlerimizde, obalarymyzda gurlup, ulanylmaga beriljek täze binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralary bilen ýurdumyzyň her bir raýaty üçin ýatdagalyjy pursatlara beslenmelidigini nygtaýar. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy — hemmämiz üçin hem uly baýram, uly toý.

Garaşsyzlygyň döredýän tolgundyryjy täsirleri ruhy dünýämizi gözelleşdirýär, onuň täsiri bilen özüňi erkana, öňküden-de güýçli, gaýratly duýýarsyň. Soňky ýyllarda Watanymyzyň görlüp-eşidilmedik derejede gülläp ösüşine her birimiz şaýat bolýarys, halkymyzyň ykbaly şowlap, tebigatymyzyň hazyna-genjiniň, topragymyzyň bereket-rysgalynyň külli türkmeniň eşretli durmuşyna siňýändigine guwanýarys.

Häzirki wagtda güneşli ülkämiziň ähli ýerinde baýramlarymyzyň naýbaşysyny mynasyp sowgatly garşylamak ugrunda janypkeşlikli zähmet gaýnap joşýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda sanly ulgama geçmek we täzeçil usullary ulanmak arkaly ösüş gazanmak ýola goýulýar. Şeýle özgertmeler ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda, ýaşlar syýasatynda, ilatymyzyň saglygyny gorap saklamakda hem özüniň mynasyp ornuny tapýar.

Wepa GUWALYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok