Ýurdumyzda bank ulgamynda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy we ondan peýdalanylmagy ýurdumyzyň banklarynyň arasynda olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere döwrebap bank hyzmatlaryny hödürlemäge giň mümkinçilikleri berýär. Bank edaralarynyň milli ykdysadyýetimizi maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup, bu ulgamyň sanlylaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, nagt däl hasaplaşyklar amallaryny ösdürmäge, hyzmatlaryň döwrebap görnüşlerini hödürlemäge, netijede bolsa, raýatlaryň gymmatly wagtyny we pul serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik döredýär.
Ýurdumyzyň banklary tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimi günsaýyn giňeýär, hyzmatlary sanly görnüşe geçirmekde döwrebap usullar işjeň ulanylýar.
Şeýle usullaryň biri hem, ýaňy ýakynda ýurdumyzyň “Rysgal” Paýdarlar täjirçilik banky özüniň döwrebap hyzmaty bolan “QR-kod” arkaly tölegleri kabul edýän söwda hem-de hyzmat nokatlarynyň sanyny artdyrdy.
“QR-kod” (Galtaşyksyz töleg) hyzmaty bolmak bilen, ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligi arkaly, hyzmatlary ykjam mobil telefon arkaly çalt we amatly ýagdaýda ýerine ýetirmek mümkinçiligidir.
Bu döwrebap hyzmatyň mümkinçiliginden giňden peýdalanmak we häzirki döwürde bank işiniň şeýle görnüşde işjeň sanlylaşmagy menzilara bank düşünjesiniň döremegine hem-de ýaýramagyna getirdi. Şeýle-de bankyň müşderileriň wagtlarynyň tygşytlanmagyny, hasaplaşyklaryň çaltlandyrylmagyny şertlendirdi.
“Rysgal” Paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan amala aşyrylýan töleg ulgamynyň kämilleşdirilmegi we nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegi babatyndaky işleri, öz gezeginde ýurdumyzyň pul-karz ulgamyny kämilleşdirmäge, nagt däl hasaplaşygy ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizde pul serişdeleriniň dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga amatly şertleri döredýär. “Rysgal bank rysgally bankdyr”.
Gülbahar Täçgulyýewa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Ykdysadyýet fakultetiniň mugallymy
Teswirler