«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň şeýle-de Energetika ministrliginiň «Türkmenbaşynyň asma ýoly» we Aşgabat şäher häkimliginiň «Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi» döwlet kärhanalaryny hususy taraplara ynançly dolandyrmaga bermek boýunça teklipleri kabul edýär.
Bu baradaky teklipler 2021-nji ýylyň 23-nji iýunyna çenli Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 39-46-69/75.
Teswirler