Garaşsyzlyk döwletliligiň baş şerti

Şan-şöhraty  artyp, at-owazy barha dabaralanýan ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda täze ösüşlere eýe bolýar. Bu belent ösüşler eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallalaryna, halkymyza, ýurdumyza bolan çäksiz söýgüsine beslenendir. Eziz Watanymyzda bolup geçýän taryhy wakalar ähli raýatlarymyz üçin juda buýsandyrjydyr.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda giň gerim bilen gurlup, işe girizilýän, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanalarda öndürilýän, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply milli önümlerimiz halkara bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Munuň özi bolsa, Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalanmagyna, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda özüniň 140 ýaşyny dolduran paýtagtymyz Aşgabadyň iň gülläp ösen döwri Garaşsyzlyk eýýamynyň Bagtyýarlyk zamanasydyr. Aşgabat döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde tanalmaz derejede özgerdi. Paýtagtymyzdaky kaşaň, göze gelüwli jaýlaryň, medeni dynç alyş merkezleriň, seýilgähleriň, giň şaýollaryň we beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň gerimi akylyňy haýran edýär. Bu bolsa Garaşsyzlygymyzyň bize beren miweleridir.

Hakmyrat AÝDOGDYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok