Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkezinde ussat aýdymçy Annagül Gurdowanyň 70 ýaş toýy ýubileý konsert bilen bellenildi.
Konserte ýurduň atly aýdymçylary, şahyrlary, kompozitorlary, žurnalistleri hem gelip gutladylar. Annagül Gurdowanyň maşgala agzalary, kursdaşlary, işdeşler we dost-ýarlary hem öz gutlaglaryny we ýatlamalaryny toý mikrofonunda köpçülik bilen paýlaşdy.
Türkmenistanyň halk artisti halypa aýdymçy Annagül Gurdowa 1951-nji ýylyň iýun aýynda paýtagtymyz Aşgabatda eneden bolýar. Onuň aýdym-saza höwesi kiçiliginden, has dogrusy 5 ýaşyndan bildirip başlaýar. Annagül ýetginjeklik döwürlerinde hem şol döwrüň birnäçe şirin aýdymlaryny ýerine ýetirip, köpleriň söýgüsini gazanmagy başarypdyr. Soňra bolsa ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetine okuwa girip, 1974-nji ýylda hukukçy hünärini ele alýar.
Şol ýyllardan başlap hem Annagül Gurdowa öz döredijilik ýoluna çynlakaý girişip, ençeme meşhur aýdymlary halk köpçüligine özüniň şirin sesi bilen ýetirip başlaýar. Annagül Gurdowa diňe bir sesi bilen tanalman, eýsem türkmen Telewideniýesinde hem birnäçe gepleşikleri alyp baryp, öz muşdaklaryny mawy ekranlaryň üsti bilen gazanmagy başarýar. Şeýlelik-de, oňa 1988-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen, 1994-nji ýylda bolsa, “Türkmenistanyň Halk artisti” diýen hormatly atlar dakylýar.
Annagül Gurdowa häzirki wagtda hem sungat bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, häzirki wagtda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Merdana» orkestrinde zähmet çekýär. Onuň maşgalasyndan halk içinde tanymallyga eýe bolan dogany Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazgül Gurdowa hem-de ýegeni Türkmenistanyň Halk artisti Gülşat Gurdowa hem medeniýet ulgamynda zähmet çekýärler.
Aýgül TAHYROWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
“Kitaphanaçylyk” fakultetiniň “Kitaphana – maglumat işleri”
hünariniň I ýyl talyby.
Teswirler