Ýakynda şanly seneler mynasybetli «Ýokary hilli söwda hyzmatynyň nusgasy» atly bäsleşik geçirildi. Alyjylara edilýän söwda hyzmatlarynyň medeniýetini we hilini ýokarlandyrmak, harytlara, önümlere bolan islegleri doly kanagatlandyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde ýerleşýän söwda dükanlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem gatnaşdylar.
Bäsleşik 3 ugur boýunça, ýagny iri söwda merkezleriniň, garyşyk harytlar satylýan marketleriň we ýöriteleşdirilen dükanlaryň arasynda geçirildi.
Ýeňijileriň hatarynda «Berkarar», «Gül zemin» söwda we dynç alyş merkezleri, «Kämil market», «Halk market», «Ak gaýa» söwda dükany we beýlekiler bar.
«Ýokary hilli söwda hyzmatynyň nusgasy» atly bäsleşik geçirildi
10.06.2021
11:11
0
Teswirler