«Çarli Çapliniň «Oglanjyk« filmi» atly konsert geçirilýär

Şu gün sagat 19:00-da, Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar kamera orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Çarli Çapliniň «Oglanjyk« filmi» atly konsert bolar. Çäre «Oglanjyk» atly doly metražly sözsüz amerikan filminiň görkezilmeginiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp guralýar.

13-nji iýunda bolsa sagat 19:00-da, Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda «Nusgawy sazlar dünýäsine syýahat» atly konsert bolar. Teatra gelenler Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň ynsan söýgüsiniň ölçegi bolan iň owadan eserleriň biri hasaplanylýan «Romeo we Juýetta» uwertýura-fantaziýasyny diňläp bilerler. Ondan soňra bolsa, Sergeý Rahmaninowyň 2-nji simfoniýasynyň birnäçe bölegi ýaňlanar. Ýusup Öwezow fransuz saz impressionisti Klod Debýussiniň eserini çalar. Wolfgang Amadeý Mosartyň «Figaronyň öýlenmegi» operasyna uwertýura ýereine ýetiriler. 20-nji iýunda bolsa ýene-de şol teatrda uruş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlanar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok