Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çäreleri geçirildi

Düýn Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çäreleri, köpçülikleýin welosipedli ýörişler guraldy. Mälim bolşy ýaly, sagdynlygyň we ruhubelentligiň özboluşly baýramçylygyna öwrülen, her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýän bu sene Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredildi hem-de ol sportuň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanýan ýurdy hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki belent ykrarnamasy bolup, dünýä senenamasyna girdi.

AHALDA

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli jemgyýetçilik guramalary, Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi tarapyndan «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, maslahatlardyr duşuşyklar, surat bäsleşikleri, sport-sagaldyş çäreleri we ýaryşlar, köpçülikleýin welosipedli ýörişlerdir gezelençler guraldy. Ir säherden ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin welosipedli ýöriş toý dabaralarynyň başyny başlady. Oňa dürli kärdäki we ýaşdaky ildeşlerimiziň ýüzlerçesi gatnaşdy.

Bäherden etrabyndaky «Arçman», «Ýyly suw» şypahanalarynda, Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda geçirilen çäreler hem täsirli baýramçylyk dabaralarynyň üstüni ýetirdi. Welosipedli gezelençler şol çärelere baý many-mazmun berdi.

BALKANDA

Balkanabat şäherindäki 10 müň orunlyk stadionly sport toplumynyň öňi ir säher bilen köp adamly bolup, baýramçylyk ruhuna beslendi. Welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe dabaraly ýagdaýda badalga berildi.

 DAŞOGUZDA

Welaýat merkeziniň gözel künjeginde ýerleşýän Ruhyýet köşgüniň toý lybasyna beslenen giň meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabarasyna welaýatyň çägindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim hem saglygy goraýyş işgärleri, ýaş türgenler işjeň gatnaşdylar. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlaryň şirin owazynyň astynda 300 welosipedçi kerwen gurap, 10 kilometr aralyga ýola düşdi.

LEBAPDA

Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtoulag köprüsi şu ýylda eýýäm ikinji gezek köpçülikleýin welosipedli ýörişiň badalga berilýän ýeri boldy. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen ýöriş köpriniň sag kenardaky nokadyndan badalga aldy. Ýörişe gatnaşyjylar sergin säherde Jeýhunyň üstünden geçip, merkezinde «Ak ýol» binasy ýerleşdirilen aýlawa geldiler.

MARYDA

Mary welaýatynda-da  Bütindünýä welosiped güni guramaçylykly bellenip geçildi. Oňa bagyşlanan ýörişi häkimligi, welaýat Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi hem-de Medeniýet müdirligi bilelikde guradylar. Sport baýramçylygyna welaýatyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk, medeniýet, sport ulgamlarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de welaýatyň orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyp ýaşlary, köp sanly bagtyýar ýaşaýjylar gatnaşdylar. Ýörişe gatnaşyjy bagtyýar raýatlar Mary şäheriniň merkezinde ýerleşýän Medeniýet köşgüniň deňine çenli bellenilen, umumy uzynlygy 10 kilometr bolan aralygy ruhubelentlik bilen geçip, «Pellehana» geldiler.

Muhammet GELDIMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok