Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan daşary gatnaşyklarda oňyn Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirýär hem-de sebitde we dünýäde parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk, birek-birege hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlyk ýaly düýpli ýörelgeleriň esasynda hereket edýär. Asyrlar boýy uly isleg-arzuw bilen ýaşan halkymyz bu günki günde parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasynda dostluguň hakyky merkezine öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bagtyýar ömür sürýär. Ýurdumyzyň gazanan hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýär.
Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasaty ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýän beýik özgertmeleri amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Baky Bitarap we ylalaşdyryjy merkez hökmünde Türkmenistanyň Ýer ýüzünde amala aşyrýan beýik işleri we öňe sürýän oňyn başlangyçlary ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da beýgelmegine getirýär. Bitaraplygymyz öz gözbaşyny gadymdan — Oguz han atamyzyň döwründen alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz goňşy ýurtlar, ähli halklar bilen agzybir, oňşukly, parahat ýaşamaga çalşypdyrlar. Olar beýleki milletleriň medeniýetini, sungatyny we däp-dessurlaryny hormatlapdyrlar. Häzirki döwrüň halkara gatnaşyklary ulgamynda özüniň mynasyp we täsirli ornuny barha berkidýän hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasly baştutanlygy esasynda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň täze ýeňişli ösüşlere tarap ynamly öňe barýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi bilen ol milli kanunçylygymyzda hem öz beýanyny tapdy. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny kabul edildi. Bu Kanunda baky Bitaraplygymyzyň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy berkitmäge, sebitiň we bütin dünýäniň döwletleri bilen dostlukly we birek-birege hormat goýmak esasynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen esas bolup durýandygy barada aýdylýar.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň özüniň oňyn daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly, netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belleýär. Ýurdumyz bu daşary syýasat ugry bilen dünýä giňişliginde özara hyzmatdaşlykda netijeli hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly başlangyjy bilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip, yzygiderli durmuşa geçirilýän hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli “Açyk gapylar” syýasaty özüniň oňyn netijelerini berýär. Dünýäde dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty dowamat dowam bolsun!
.
Gülälek Baýramowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky
TMDDI-niň uzak Gündogar dilleri kafedrasynyň müdiri.
Teswirler