Garaşsyz Türkmenistan – Baky Bitarap döwlet

1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrnda türkmen halky üçin ýatdan çykmajak şanly waka bolup geçdi. Asyrlar boýy arzuw edýän, Magtymguly Pyragy eserlerinde çuňňur beýan edýän Garaşsyz döwletine eýe boldy. Bu taryhy waka her bir türkmeniň kalbyny buýsandyrýar.

Türkmen ili öz gözbaşyny Oguzhan atamyzdan alyp gaýdýar. Bäş müň ýyllyk taryhy bolan türkmen halky taryhda Beýik Seljuk türkmen döwleti, Köneürgenç türkmen döwleti hem-de ençeme beýleki döwletleri guran. Taryhda öçmejek yz goýdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny almagy taryhda altyn harplar bilen ýazyldy.

1991-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistan SSR-nde ählihalk sala salşygy geçirildi.  Sala salşyk Türkmenistanyň halkynyň garaşsyz döwlet gurmak barada erk-islegini aýdyň görkezdi. Ses bermäge gatnaşan raýatlar biragyzdan Türkmenistanyň özbaşdak döwlet bolmagyny goldady.

27-nji oktýabrnda “Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky” Konstitusion kanuny kabul edildi. Konstitusion kanunda Jarnamany durmuşa geçirmäge gönükdirilen iňňän möhüm meseleler öz beýanyny tapdy.

Öz garaşsyzlygyny alansoň, gysga döwürde Türkmenistany dünýä ýurtlarynyň 80-den gowragy, şol sanda Türkiýe, Eýran, Hytaý, Saud Arabystan, Fransiýa, Russiýa Federasiýasy, ABŞ we ençeme beýleki döwletler ykrar etdi, olaryň köpüsi bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy.  Häzirki wagtda Türkmenistan 140 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar.

Şu ýyl Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýär. 30 ýylyň içinde ýurdumyz görülip-eşidilmedik derejede ösdi we bedew bady bilen öňe barýar.

.

Arazkulyýew Amangeldi,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok