Waspy dünýä dolan türkmen halysy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramyny giňden belläp geçýär. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar her ýyl paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Türkmen halysynyň Milli muzeýinde geçirilýär.

Türkmen halysynyň Milli muzeýinde halkymyzyň taryhy halylaryň we el bilen dokalan häzirki zaman haly eserleriniň 8000-den gowragy bar. Biziň milli halylarymyz bir asyrdan gowrak wagt öň – 1900-nji ýylda Parižde geçirilen Bütindünýä sergisinde ilkinji gezek görkezildi. Şondan bäri bu sungaty söýüjileri tolgundyrmagy we abraýly sylaglary gazanmagy dowam etdirmek bilen, türkmen halylary dünýäniň dürli paýtagtlarynda hem-de iri şäherlerinde şular ýaly gözden geçirilişlere ençeme gezek çykaryldy. Dürli halkara sergileriniň köpsanly altyn medallaryndan başga hem türkmen halylary «Hil asyry», «Ýewropanyň arkasy» atly sylaglara, Platina we Brilliant ýyldyzlaryna we beýleki sylaglara mynasyp boldy.

Haly dokamagyň gadymy däplerini gorap saklamak we ösdürmek maksady bilen 2001-nji ýylda elde dokalan türkmen halylaryna sarpa goýýanlaryň Bütindünýä Assosiasiýasy döredildi. Türkmen halylaryny öndürmek, ýerlemek we taryhy çeşmelerini derňemek, hakyky sungat eseri hökmünde olaryň özboluşlylygyny bütin dünýäde wagyz etmek, gadymy halyçylyk işiniň milli däplerini dikeltmek hem giňden ýaýratmak bilen meşgullanýan dürli ýurtlaryň telekeçilerini we bu sungaty söýýänleri birleşdirmek Assosiasiýanyň maksady bolup durýar. 1992-nji ýyldan başlap her ýyl türkmen halysynyň baýramçylygy geçirilýän günlerde Aşgabatda türkmen el halylaryna sarpa goýýanlaryň maslahaty geçirilýär.

Biziň halyçy gelin-gyzlarymyzyň özboluşly äpet uly halylary döretmekdäki sungaty bütindünýä jahankeşdelerini özüne çekýär. Baryp 1942-nji ýylda dokalan meýdany 193 inedördül metr bolan «Türkmen kalby» atly ilkinji äpet uly haly we 2009-njy ýylda dokalan «Galkynyş» halysy Türkmen halysynyň Milli muzeýini bezäp, biziň halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi.

Güljahan SAPARBAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok