Ykdysady syýasat täze tapgyrda

Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen “Türkmenistan – parahatçylygyň  we ynanyşmagyň Watany” ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny ösdürmekde, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady derejesini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan işler barha rowaçlanýar. Dünyäde iň abraýly maliýe institutlarynyň biri bolan Halkara Pul Gaznasynyň hasabatynda, dünýäniň köp ýurtlarynda maliýe çökgünliginiň bolup geçýän şertlerinde ýokary depginli ykdysady ösüşiň gazanylýandygy, ýurdumyzyň hormatly Prezidenti tarapyndan geçirilýän çäreleriň netijesinde Türkmenistanyň dünýä maliýe çökgünliginiň täsirlerinden doly goragly ýagdaýdadygy ykrar edilýär. Halkara Pul Gaznasynyň dünýä ýurtlarynyň ykdysady ösüşlerine baha berýän iň abraýly institutdygyny nazara alsak, onda bu berlen bahanyň ähmiýeti Türkmenistanyň halkara abraýy üçin örän uludyr. Ýurdumyzda ýokary depginli we sazlaşykly ösüşiň bolup geçýändiginiň halkara maliýe institutlary tarapyndan ykrar edilmegi hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlara gönükdirilen, ýurdumyzyň ilatyny bolelin durmuşda ýaşatmagy üpjün edýän ykdysady syýasatyna berlen adalatly bahadyr.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda maliýe netijeliligiň ýokary depginler bilen artmagy, ýurdumyzyň döwlet býujetiniň girdejileriniň we daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depginleriniň batly bolmagyna düýpli täsirini ýetirdi. Ýaňy ýakynda hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alyp, Býujet kodeksine laýyklykda, 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we ýurdumyzyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen Karara gol çekdi. Bu kabul edilen Karar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýan ykdysady syýasatyň täze tapgyrlarda hem üstünlikli durmuşa geçirilmegini nazarlaýardygynyň aýdyň subutnamasydyr.

.

Çokgaýewa Nurgözel,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň magistranty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok