«Miras» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnalyň bu gezekki sanynda täze açyşlar, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy barada ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly alymlaryň ylmy makalalary ýerleşdirilen. Taryhçylar we arheologlar, dilçiler we edebiýaty öwrenijiler tarapyndan ýazylan bu ylmy makalalar milli medeni mirasymyzy aýawly saklamakdan hem-de wagyz etmekden ybaratdyr.

Žurnalyň “Açyşlar we täze işläp düzmeler” bölüminde fransuz-türkmen bilelikdäki arheologik ekspedisiýasynyň direktory Julio Bendezu-Sarmientonyň, Ýerewan Döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy Amaliýa Petrosýanyň uly göwrümli taryhy makalalary ýerleşdirilen. Bulardan başga-da žurnalyň sahypalarynda “Nowruza” we “Beýik Ýüpek ýoluna” degişli baý maglumatlar, Abu Aly Ibn Sinanyň dil hakyndaky ylmy garaýyşlary çeperçilik bilen beýan edilipdir.

Nurana UDAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok