Hormatly Prezidentimiziň döredijilikli başlangyçlary bilen, kabul edilen “Türkmenistanda 2019 – 2025- nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak meselesine aýratyn üns berilýär we bu işleri durmuşa ornaşdyrmak yzygiderli esasda alnyp barylýar.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek we bu ugurda ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanly ulgam arkaly ösdürmek boýunça ýurdumyzyň bank edaralary tarapyndan hem ilat köpçüligine yzygiderli döwrebap bank hyzmatlary hödülenilýär. Olaryň biride “Maşgala bank kartydyr”.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan müşderilere hödürlenen “Maşgala bank karty” döwrebap sanly bank hyzmaty bolmak bilen, maşgala agzalarynyň pul girdejilerini, ýagny ene-atasy özleriniň çagalaryna, islegine görä saýlap alan bankynda maşgalanyň her bir agzasyna “Maşgala bank kartyny” açdyrýarlar. Maşgalanyň her bir agzasyna açdyrylan “Maşgala bank kartyna” ene-atasy özleriniň pul girdejileriniň islegine görä belli bir möçberini çagalarynyň “Maşgala bank kartyna” nagt däl görnüşinde geçirýärler.
“Maşgala bank kartynyň” eýeleri bu bank kartynyň amatlylygyndan peýdalanmak bilen, maşgala býujetini takyk dolandyrylmagyna, ýagny maşgala agzalarynyň pul girdejileriniň tygşytly sowulmagyna, maşgala agzalarynyň her birine açylan bank kartyna islendik möçberde “Internet-banking” we “Mobil-banking” bank hyzmatlarynyň üsti bilen pul serişdelerine çäk bellemäge we pul serişdeleriň hereketini görmäge giň mümkinçilikler döredilendir. Şeýle hem, “Maşgala bank karty” arkaly ýurdumyzyň islendik sebtinde ýerleşdirilen bankomatlardan nagt pul serişdelerini almaga we söwda we hyzmat ediş nokatlarynda bankomatlaryň hem-de töleg terminallaryň üsti bilen tölegleriň amala aşyrylmagyna döredilen döwrebap bank hyzmatydyr.
Ýurdumyzyň bank ulgamynda halkara tejribesinden ugur alnyp, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen bank kartlarynyň we bank hyzmatlarynyň görnüşleri hem-de sany yzygiderli kämilleşýär, ösýär, özgerýär.
SMS-habaryň şahsy telefon belgiňe birikdirilmegi bilen, maşgalanyň her bir agzasyna “Maşgala bank karty” arkaly bolup geçen amallaryň hereketini görmäge mümkinçilikleriň döredilendigini bellemelidiris.
Ýurdumyzyň banklarynyň hödürleýän dürli görnüşli bank kartlarynyň arasynda, “Maşgala bank kartyny” ullanýan müşderiler üçin iň amatly bank kartydyr. Sebäbi, banklar tarapyndan bu bank kartyna goýlan pul serişdeleri banka goýulan goýum hökmünde kabul edilýär we “Maşgala bank kartynda” pul serişdelerini saklaýan müşderilere, bankyň göterim syýasatyna laýyklykda bank göterimi tölenilýär. Ýagny, müşderiniň “Maşgala bank kartynda” saklanýan pul serişdeleri ýyllyk göterim derejesiniň esasynda artýar. Bank göterimi her günki galyndy esasynda kesgitlenilýär we aýda bir gezek esasy pul möçberiniň üstüne goşulýar.
Müşderileriň banklara bolan ynamynyň artmagy, banklaryň müşderilere döredýän hyzmat babatyndaky giň mümkinçiligidir we bank kepilligidir.
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip, bank hyzmatlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga, halkara tejribesini ulanyp, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Güljan Ataýewa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy
Teswirler