“Ak şäherim Aşgabat” atly halkara sergi geçirilýär

Aşgabatşäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 24 – 25-nji maýynda “Ak şäherim Aşgabat ” atly XX köpugurly  halkara sergi geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew  halkara sergä we şanly sene mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada beren hasabatynda aýdyp geçdi.

Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň, düzümleriniň ýeten derejesi, gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak, şäheriň senagat, medeni hem-de bilim mümkinçiliklerini, ägirt uly durmuş-ykdysady kuwwatyny, geljekki ugurlaryny açyp görkezmek maksady bilen her ýylda geçirilýän bu halkara sergi Aşgabat şäher häkimliginiň we Söwda-senagat edarasynyň bilelikde gurnamagynda alnyp barlyp, oňa ýurdumyzdan we daşary döwletlerden köp sanly wekiller gatnaşar.

Şeýle-de wise-premýer hasabatynyň dowamynda serginiň çäklerinde dizaýnerleriň arasynda bäsleşik geçirmegiň meýilleşdirilýändigini belläp geçdi.

 Paýtagtymyzy dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleri açyp görkezýän däp bolan halkara serginiň ähmiýetlidigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmelidigini tabşyrdy.

Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok