«Ahal» AFK-nyň Kubogynyň sebitleýin bäsleşiginiň finalyna çykdy

AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň ikinji tapgyrynda «Dordoý» topary bilen duşuşan «Ahal» 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Bişkekdäki «Dolon Omurzakowyň» adyny göterýän stadionda geçirilen duşuşykda gazanan ýeňşi «Ahaly» ýaryş tertibinde birinji orna çykardy.

Toparçalaýyn bäsleşigiň birinji tapgyrynda ýurdumyzyň wise-çempiony Täjigistanyň «Rawşan» toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykmagy başarypdy. Şeýlelikde, «E» toparçada çykyş edýän «Ahal» iki oýunda alty utuk toplap, AFK-nyň Kubogynyň sebitleýin bäsleşiginiň finalynda çykyş etmäge hukuk gazandy.

«Ahal» Merkezi Aziýanyň sebitleýin bäsleşiginiň final duşuşygynda «F» toparçany ýeňiş bilen tamamlan Özbegistanyň «Nasaf» topary bilen duşuşar. Bu duşuşyklar şu ýylyň 11-nji hem-de 25-nji awgustynda geçiriler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok