20-nji Maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlanan Aşgabat şäheriniň we onuň dostlukly-doganlykly şäherleriniň häkimleriniň halkara mejlisi gibrid formatynda geçirildi.
Çäre Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory P.Orazowyň açylyş sözleri bilen öz işine başlady.
Mejlisde Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow “Aşgabat siti” binagärlik taslamasy, Aşgabat şäheriniň baý taryhy barada gürriň berdiler. Medeniýet ministri A.Şamyradow öz çykyşynda Aşgabat şäheriniň Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi barada aýratyn nygtady, şeýle-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar barada aýdyp berdi.
Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly çärede Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäheriniň häkiminiň orunbasary S.Sidigi, Baku şäheriniň häkimi E.Aziz ogly Azizow, HHR-iň Lanjou şäheriniň häkimliginiň Halk hökümetiniň Baş sekretary Zh.Çenghu, Daşkent şäheriniň häkimi J.Artykhojaýew, Nur-Sultan şäheriniň häkiminiň orunbasary E.Kizatow, RF-niň Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar baradaky agentliginiň başlygynyň w.ý.ý. A. Aýdin, Sankt-Peterburg şäheriniň hökümetiniň daşary aragatnaşyklar boýunça Komitetiniň başlygy Ý.Grigorýew, Moskwa şäheriniň daşary ykdysady we halkara aragatnaşyklar boýunça departamentynyň başlygynyň orunbasary O.Şutenko çykyş etdiler.
Mundan başga-da çärede ABŞ-nyň Albukerke şäheriniň häkimi T.Kelleriň, Ýaponiýanyň Tendo şäheriniň häkimi S.Ýamamotonyň, Ankara şäheriniň häkimi M.Ýawaşyň, Bişkek şäheriniň häkiminiň orunbasary W.Mozgaçýowanyň çykyşlary mejlise gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Şeýle-de çärä Kişinýow, Pekin, Stambul, Wena, Ýerewan şäherleriniň häkimleri gatnaşdylar.
Mejlise gatnaşyjylar türkmen paýtagtynyň ýeten sepgitleri hakynda wideorolige tomaşa etdiler.
GELDIÝEWA Maral
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň mugallymy
Teswirler