Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladalarynyň netijesinde ak durmuşyň rowaçlanýan ak şäherimiz Aşgabatda ýaşamaklyk, okamaklyk, döretmeklik, zähmet çekmeklik, sport bilen meşgullanmaklyk we dynç almaklyk üçin zerur bolan ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir.
Paýtagtymyzda gurulýan medeni-durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, söwda we dynç alyş merkezleri, seýilgähler, ýollar, sport toplumlary, saglyk merkezleri — bularyň ählisi aşgabatlylaryň döwrebap ýaşaýşyny, paýtagtymyzyň myhmanlarynyň bolsa ajaýyp dynç alşyny üpjün edýär.
Beýik binalaryň giň hatary aýna ýaly şaýollar bilen utgaşyp, gözýetime çenli uzap gidýär. Asmanda kepderiler erkana ganat ýaýýar. Şekillerde Aşgabadyň parahat ýaşaýşy, şeýle hem gülläp ösüşleri ak mermer binalarynyň mysalynda äşgär görünýär. Operator we kebşirleýji bu şekilini nusgawy däpler boýunça döredip, onuň üsti bilen Aşgabadyň gözel keşbini ussatlyk bilen açyp görkezmegi başarypdyr. Paýtagtymyzyň gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesi we desgalaryň ygtybarlylygy, binalaryň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi ilkinji talap bolup durýar. Ak şäherimiz Aşgabatda iň gowy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmaklyk işi paýtagtymyzy ösdürmegiň 12-nji, 13-nji, 14-nji, 15-nji, 16-njy tapgyrlarynda döwrebap usulda üpjün edildi. Ýakyn geljekde Aşgabatda täze döwrebap sanly desgalaryň ýene-de gurlar.
Bilbil MYRADOWA,
Magtymguly adyndaky
TDU-nyň mugallymy.
Teswirler