“Meniň söhbetdeşim” bäsleşigi geçirilýär

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi «turkmengazet.com» saýty bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda ýurdumyzda bellenilýän Medeniýet günleri mynasybetli  «Meniň söhbetdeşim» bäsleşik yglan etdiler. Bäsleşigiň maksady ýaşlaryň zehinlerini ýüze çykaryp, olaryň döredijilik ýolunda ýurdumyzyň ösüşli ýollaryna mynasyp goşant goşýan ynsanlaryň söhbetlerini halkymyza ýetirmekden we olaryň zähmet ýoluny ýazga geçirýän döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň özboluşly zehin aýratynlygyny ýüze çykarmakdan ybarat bolup durýar.

Bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we «turkmengazet.com» saýtynyň guramaçylygynda geçiriler we bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanar.

Bäsleşik 2021-nji ýylyň maý aýynyň 18-inden iýun aýynyň 17-sine çenli dowam eder. 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 20-sine jemi jemlener. «Meniň söhbetdeşim» atly bäsleşik «turkmengazet.com» saýtyna ugradylar we şol saýtda şöhlelener.

Bäsleşige taýýarlan söhbetdeşlikleri bilen 14 — 37 ýaş aralygyndaky okaýan we zähmet çekýän raýatlarymyz gatnaşyp bilerler. Her bir raýat hödürlän işinde öz ukybyny, başarjaňlygyny, şahsy zehinini görkezmeli, ýazylýan eseriň özboluşly aýratynlygy bolmaly. Bäsleşige hödürleniljek eserler «turkmengazet.com» saýtyna hödürlemek üçin, «turkmengazet.zenan2021@gmail.com» elektron salgysyna ýollanmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99365830070

 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölümi: 44-89-04.

Teswirler

Sanly

Salam men gmail@ adresinize ugratdym yone saytynyza cykarmansynyz haýysh edyan gorayinda