“Mahmal meýdan” gepleşiginiň bu sanynda

Türkmen futbolundaky, şeýle-de dünýä futbolundaky oýunlary analizläp, olara syn bermek maksady bilen döredilen «Mahmal meýdan» gepleşiginiň ilkinji sany tomaşaçylara hödürlenildi. Gepleşigiň her sany Youtube platformasyndaky «Gepleýär Aşgabat!» kanalynda goýulyp durulýar.

Gepleşigiň ilkinji sanynda AFC-nyň sebitleýin ýaryşlarynda özleriniň ilkinji oýunlaryny oýnan «Altyn asyr» we «Ahal» toparlarynyň oýunlary hakynda pikirler alyşyldy.

Geljekde TÝL-da oýnaljak oýunlary, milli ýygyndymyzyň geçirjek duşuşyklaryny, galyberse-de, dünýä derejesinde geçýän çempionatlarynyň anyk, obýektiw şekilindäki analizlerini Youtube platformasyndaky «Gepleýär Aşgabat!» kanalynda tomaşa edip bilersiňiz.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok