Baýramçylyk konserti geçirildi

Düýn “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Bu baradaky habary turkmenistan.gov.tm internet habar saýty belläp geçýär.

Baýramçylyk konserti M.Kulyçewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary hem-de ýurdumyzyň birleşen folklor-tans toparynyň ýerine ýetirmeginde «Arkadagyň ak ýolunda baky parla ýaşyl tugum!» diýen edebi aýdym-sazly çykyş bilen açyldy.

Açyk meýdançada geçirilen bu konsertde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary, türkmen halk aýdym-sazlary, estrada aýdymlary şeýle-de ajaýyp tanslar ýerine ýetirildi.  Zehinli aýdymçylar öz çykyşlarynda eziz ülkämiziň tebigat gözelliklerini, türkmen halkynyň baý we özboluşly däp-dessurlaryny, berkarar Watanymyzyň bu günki ýeten sepgitlerini wasp etdiler.

Konsertiň baryşynda “Güneş” çagalar hor toparynyň şeýle-de “Şowhun” tans toparynyň çykyşlary konserte gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary bilen garşylandy. Asylly däbe göra, gadymy küşdepdi tansy çäräniň jemini jemledi.

SAPAROWA Kümüş
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň dänäni saklamagyň
we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok