Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynda ata Watanymyzda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we belent sepgitlere ýetilýär. Ak mermere bürenen owadan paýtagtymyz Aşgabat şäheri ösüşleriň belent sepgitlerini eýeleýär. Milli ykdysadyýetimizde, ylym hem-de bilim ulgamlarynda, sportda we medeniýetde gazanylýan birnäçe üstünlikler, bina edilýän gurluşyk toplumlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Geçen sanlyja ýyllaryň içinde Aşgabat şäherimiziň keşbi Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde tanalmaz derejede düýpli özgerip, dünýäniň ösen şäherleriniň hatarynda giňden tanaldy.
Häzirki wagtda merjen şäherimizde möhüm ähmiýetli, dürli maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Ady asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän paýtagtymyzyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylmagy halkymyzyň kalbynda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Şeýle hem, paýtagtymyzyň ak mermerli şäher hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi türkmenistanlylaryň buýsanjyny goşalandyrylyp, türkmen paýtagtynyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende göterdi. Munuň özi milli Liderimiziň şöhratly ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna, halkymyzyň şähergurluşyk-binagärlik tejribesine belent sarpa goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan kemal tapan paýtagtymyz özüniň binagärlik gözelligine eýe bolmak bilen birlikde, adamlaryň rahat hem bagtyýar ýaşamaklary üçin iň oňaýly şäherleriň birine öwrüldi. Beýik ösüşlere, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýän taryhy wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak şäherimiz Aşgabady mundan beýläkde ösdürmek, gözelleşdirmek babatda alnyp barylýan beýik işler çuň many-mazmuny bilen dabaralanýar. Şu ýyl hem mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuny bitirilen beýik işler, gazanylýan uly üstünlikler bilen garşylaýar. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň haýsy künjegine göz aýlanyňda hem, gije-gündiz päk zähmetiň gaýnap joşýandygyny görmek bolýar. Şol asylly işleriň hatarynda bolsa Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde ak şäherimizi gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga beslemek, paýtagtyň keşbinde baýramçylyk öwüşginini döretmek ýaly aýdyň maksatlar has-da dabaralanýar.
Milli Liderimiziň alyp barýan üstünlikli işleri netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda täsin binagärligi bilen giňden tanalýar. Beýik binalary, seýilgähleri, suw çüwdürimleri, heýkelleri bilen waspy dünýä dolan paýtagtymyz bu gün dillerde dessan bolup, kalplara ornaýar. Elbetde, munuň özi hormatly Prezidentimiziň barha rowaçlyga eýe bolýan şähergurluşyk syýasatynyň aýdyň netijeleridir. Aşgabatda gurlan myhmanhanalar, döwrebap binalar, muzeýler, teatrlar, Döwlet medeniýet merkeziniň täsin binalary şäheriň gözelligine aýratyn görk goşýar. Depesi ýaşyl Tugly, ak mermerli belent binalar, ajaýyp köşkler, ýaşyl baglar, ter güller bilen bezelen ýollaryň, ajaýyp seýilgähleriň gözelligi buýsanjyňa buýsanç goşýar.
Goý, ak şäherimiz Aşgabady beýik ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik başlangyçlary elmydama rowaç bolsun!
Meýlis PİRLİÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Teswirler