2021-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Ykdysadyýet”, “Biologiýa”, “Anotomiýa we fiziologiýa”, “Agronomçylyk esaslary”, “Himýa”, “Iňlis dili we edebiýaty ony okatmagyň usulyýeti”, “Hirurgiýa”, “Pedagogika”, “Psihologiýa”, “Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş”, “Matematika“, “Türkmenistanyň kanunçylygy”, “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy”, “Türkmen dili we edebiýatyny okatmagyň usulyýeti”, “Türkmenistanyň taryhy” okuw dersleri boýunça döwlet bäsleşigi online gönüşinde geçirildi.
Ýokary guramaçylykly geçirilen bu bäsleşikde Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň we talyplarymyzyň yhlasy ýerine düşdi. Mekdebimizde okaýan 1-nji we 2-nji ýyl talyplarynyň 15-si degişli dersler boýunça bu bäsleşige gatnaşyp 12-si baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şolardan “Ykdysadyýet” dersinden Nurýagdy Şihiýew 1-nji oruna, Äşe Allabaýewa 2-nji oruna, Ilmyrat Mämetiýew 3-nji oruna, “Matematika“ dersinden Ogabek Sabirow 1-nji oruna, Şöhrat Arazgylyjow 2-nji oruna, Göwher Annageldiýewa 3-nji oruna, “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy” dersinden Şanur Baýjyýew 2-nji oruna, “Türkmenistanyň kanunçylygy” dersinden Aýna Döwranowa 1-nji oruna, Fazilat Rejepbaýewa 2-nji oruna, Aýbölek Gölbaýewa 3-nji oruna, “Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş” dersinden Gülhan Toýlyýewa 2-nji oruna, Suraý Jumageldiýewa 3-nji oruna, mynasyp bolmagy örän guwandyryjy habar boldy. Mekdebimiz şeýle buýsançly pursatda mugallymlara, talyplara we talyplaryň ata-enelerine çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.
Serdar Kurbanow
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Teswirler