Arkadagly ak şäheriň, bagtly talyby

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigi

Gahryman Arkdagymyzyň saýasynda “Merjen şäherimiz Aşgabat” gün-günden gözelleşýär. Aşgabatda okamak her bir ýaş nesliň arzuwy çünki, bu şäherde halkymyzyň, milletimiziň buýsanjy jemlenendir. Paýtagtymyzda bilim alýan talyplar, gözel şäherimize bolan buýsanjyny özleriniň döredijilik ukyplary bilen yzygiderli wasp edýärler.

Men hem şeýle bagtyýar talyplaryň bir hakynda söz açmak isledim. Ol paýtagtymyzyň görküne-görk goşýan ýokary okuw mekdeplerimiziň biri bolan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bagtly talyby bolan Kerwen Berdiliýew. Meniň Kerwen hakynda ýazmagymyň sebäbi 2019-njy ýylda ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda geçirilen “Berkarar döwletiň, bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşiginde ak şäherimiz Aşgabady wasp edýän ajaýyp goşgy setirlerini çeper okaýyş arkaly ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi bolup durýar.

Kerweniň okan çeper okaýyşy mende şeýle bir täsir galdyrypdy, sebäbi şol pursat paýtagtymyzyň gözel keşbiniň hyýalyna çümüp, özümi ertekilerde ýaly duýupdym. Öz talyp deň-duşumyň eden çykyşy diýseň ýakymly sebäbi ol goşgyny ýerine ýetirende Gahryman Arkadagymyza, “Merjen şäherimiz Aşgabada” bolan buýsanjyny edil düýşde ýaly ýerine ýetirdi. Meniň pikirimçe bäsleşigiň netijeleri boýunça Kerweniň baýrakly oruna mynasyp bolmagy şol ajaýyp çykyşydy. Kerwen üçin bu üstünlik soňky bolmady. Ol 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň şeýle-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelike geçirýän Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasyndaky ylmy bäsleşigiň ýeňijisi bolup hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna hem mynasyp bolupdy. Kerwen watanymyza bolan buýsanjyny yzygiderli teleýaýlymlarda we metbugat sahypalarynda beýan edýärdi. Bu bolsa Kerwene Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly adyň dakylmagyna getirdi. Belki-de Kerweniň gözel paýtagtymyzy wasp edýän şol çykyşy ony şeýle üstünliklere getiripdi.

Gözel paýtagtymyzy wasp etmek her bir ýaş nesliň baş maksadydyr. Muny Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren “Ak şäherim Aşgabat” atly ajaýyp eserinden ylham alýan ýaşlarymyzyň döredýän ajaýyp setirlerinde hem görmek bolýar.

Aziýanyň merjeni Aşgabadymyzyň 140 ýyllyk şanly toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy şeýle hem bütin türkmen halkymyzy tüýs ýürekden mähirli gutlaýan! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Gaýgysyz Muhammedow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyň 5-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok