Göwünleri joşduran kitap

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkymyza gözel paýtagtymyzyň döredilmeginiň şanly 140 ýyllyk toýuna ajaýyp toý sowgady bolan «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitaby halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu ajaýyp kitap gözel paýtagtymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny beýgeltmekdäki ornuny, mähriban halkymyzyň döwrebap ýaşaýşyny üpjün etmekdäki merkezdigini hem-de onuň dünýä bileleşigindäki wajyp ähmiýetini açyp görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynda ýerleşdirilen taryhy we häzirki zaman suratlar, merkezi şäherimiz bilen bagly edilen çykyşlar bolsa, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, beýleki milletleriň hem dünýä nusgalyk şäherimiz bolan Aşgabada ser salmaklaryna gymmatly gollanma bolup hyzmat eder. 

Kitabyň «Ak şäherimiziň nurana ýollary», «Şäheriň aşagyndaky şäher», «Suw – ähli ýerde hem ýaşaýşyň çeşmesi»,  «Energiýa üpjünçiligi – ähli zadyň sakasy», «Oňat ýaşamagyň ilkinji şerti – oňaýly döwrebap öýler», «Röwşen geljegiň binýady», «Medeni hazynanyň jemlenen şäheri», «Saglyk: ýaşaýşyň amatlylygynyň esasy şerti», «Sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäheri», «Aşgabat – halkara hyzmatdaşlyk merkezi» we «Binagärligiň täze nusgasy» atly kiçi bölümleri bolup, olar atlary bilen baglanyşykly bolan täsin maglumatlary özünde jemleýärler.

Sözümizi hormatly Prezidentimiziň ýürekleri ýakynlaşdyrýan şu kitabynda beýan eden köňül arzuwlary bilen jemlemekçi: «Bu günki gün Aşgabady, aýdylyşy ýaly, görmäge göz, taryplamaga söz gerek… Aşgabat, gülle, ös, Watanymyzyň şöhratly taryhynyň şaýady bol! Çünki sende beýik taryh ýazylýar…»

Magtym NYÝAZGELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok