Aşgabat şäherimiz barada gürrüň açylanda, ilki bilen, onuň ak mermere beslenen binalaryny gurşap oturan gür baglyklary, seýilgähleri göz öňüne gelýär. Dürli görnüşli baglaryň özboluşly sazlaşygy bir tarapy Garagum sähralygyna aralaşyp gidýän paýtagtymyza gelen islendik myhmany-da haýrana goýýar.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy baýram edilýän gözel şäherimiziň ýaşyl lybasy egnine ymykly «atynmagy» üçin ýyllar gerek bolupdy. Şäheri baglaşdyrmak işi onuň esaslandyrylan günlerinden diýen ýaly başlanylýar. Ýöne suwuň ýetmezçiligi bu işlerde uly kynçylyklary döredipdir. Muňa garamazdan, şäheriň esaslandyrylmagyna on ýyl geçmänkä, ýörite nahalhana işe girizilýär. Bu bolsa şäheri baglaşdyrmak işinde uly öňegidişlikleriň emele gelmegine, bu ýerde ilkinji jemgyýetçilik bagynyň düýbüniň tutulmagyna mümkinçilik döredýär. Şeýlelikde, bu bag ýyllaryň dowamynda paýtagtyň ýaşaýjylarynyň we onuň myhmanlarynyň iň bir söýgüli ýerleriniň biri bolmagynda galýar. Dürli döwürlerde dürlüçe atlandyrylyp, häzirki wagtda «Aşgabat» adyna eýe bolan bu seýilgäh şu günki günem paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň biri bolup durýar.
Bag ekmek iň bir sogaply işleriň biri hasaplanýar. Munuň özi tebigatyň-da, adamzadyň-da sagdynlygyna edýän ajaýyp täsiri bilen baglanyşyklydyr. Tebigatda, bag-bakjaly ýerlerde wagtyň köp bölegini geçirmek adamyň saglygyny berkidýär, ömrüni uzaldýar. Hut şonuň üçin-de, Gahryman Arkadagymyz şu ýyl – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda ýurdumyzda dürli nahallaryň 30 million düýbüni ekmekligiň başyny başlady. Bu bolsa paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna, ýaşaýjylarymyzyň ömür dowamlylygynyň has uzalmagyna oňyn täsirini ýetirer.
Hawa, Aşgabadyň ýaşyl zolaklarynyň hatary yzygiderli artdyrylyp gelinýär, baglaryň sany köpelýär. Bag bolsa howanyň tämizligini, ekologiýa abadançylygyny, daşky gurşawyň görki-gözelligini üpjün edýär. Netijede, bag – adam ýaşaýşy üçin iň zerur zat. 2021-nji ýylymyzyň nyşanynda-da derek agajynyň bolmagy, bagyň ýaşaýşyň sütünidigini görkezýär.
Röwşen TÄŞLIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler