Ata Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy uly şatlyk-şowhuna beslener. Muňa tutuş türkmen halkymyz häzirden uly taýýarlyk görýär.
Merdana halkymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwy 1991-nji ýylyň güýzünde hasyl bolup, Garaşsyzlyk bagtyna eýe boldy. Ondan bäri gözel ýurdumyzda barmak basyp sanardan juda köp işler durmuşa geçirildi. Garaşsyzlygyň 30 ýyla golaý döwrüniň içinde döwletimiz asyrlara barabar işler alnyp baryldy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyz il-ýurt bähbitli tutumly işlere we täze ösüşlere eýe bolýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz dünýäniň ösen döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha giňeldýär. Bu bolsa Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň has-da ýokary galmagyna itergi berýär.
Bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi bagtyýarlyga beslenip, günsaýyn özgerýär. Milli Liderimiziň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, sebit we dünýä ýurtlarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar hem-de Türkmenistan Diýarymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň dünýä ýüzündäki abraýyny barha belende göterýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda giň gerim bilen gurlup, işe girizilýän, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanalarda öndürilýän, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply milli önümlerimiz halkara bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Munuň özi bolsa, Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalanmagyna, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Döwlet ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler