“Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.

10-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hem-de Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary boldy. Dabara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, medeniýet ulgamynyň işgärleri, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Gözel Şagulyýewanyň sözlerine, Nury Hojamuhammedowyň sazyna döredilen «Arkadagyň ýüregi sen, Aşgabat!» atly ajaýyp aýdym Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýewiň, Atajan Berdiýewiň, Suhanberdi Orazberdiýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Gözel Öwezowanyň, Tirkeş Mätnazarowyň, aýdymçylar Leýli Ökdirowanyň, Aýnabat Nepesowanyň hem-de Dünýägözel Begalyýewanyň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde ýaňlandy. Oguljahan Orazgylyjowanyň sözlerine, Begenç Saparlyýewiň sazyna döredilen, Türkmenistanyň at gazanan artisti Jahan Tagyýewanyň ýerine ýetiren “Arkadagyň yhlasy sen, Aşgabat!” atly aýdymy, şeýle-de şahyr Köşüli Annaseýidowyň sözlerine, Merdan Ataýewiň sazyna döredilip, Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Hanowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Ak şäherim, Aşgabat!” atly aýdym hem milli Liderimiziň ýüreklere ylham bagyşlaýan mermer paýtagtymyz hakyndaky ajaýyp eseriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň täsirliligidir şowhunyny has-da artdyrdy.

Tanyşdyrylyş dabaralarynyň geçirilen ýerlerinde medeniýet-sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen birlikde, paýtagtymyza bagyşlanan amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, şeýle hem Aşgabadyň şöhratly geçmişini, şu gününi beýan edýän arhiw materiallarynyň sergisi-de guraldy.

Amandursun Hallyýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

Inžener-mehanika fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok