Köňülleň küýsegi döwlet Nyşanym!

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň
parasatly başlangyjy bilen yglan edilen 2021- ýyl “Türkmenistan –Parahatçylygyň we Ynanyşmagyň Watany” ýyly hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda öz ykbal taryhynda buýsançly pursatlaryny başdan geçirýär. Watandaşlarymyzyň uly ruhybelentlikleri bilen özleriniň gözleriniň guwanjy başlarynyň täji, türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň nyşany bolan Döwlet baýdagymyzyň baýramçylygyny özüne mahsus bolan ýokary ruhubelentlikde we şowhun-şatlykda toýlaýarlar.Her gezek mermer paýtagtymyzyň görküne görk goşup, çar ýana ýalkym saçyp duran, dünýäde iň uly baýdak hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyndan mynasyp orun alan Döwlet baýdagymyzy synlamda, onuň türkmen sährasyny ýatladýan, ýaşyl reňkinde ýaşaýşymyzy, geljegimizi, dowamatymyzy görýärin.Bagtyýar halkymyzyň erkana asuda ýaşayşynyň nyşany bolup al-asmanda pasyrdaýan mertebe tugymyzy görüpgözüm nurlanýar.Bu gün adalatyň, erkinligiň Tugy bolan ýaşyl Baýdagymyzyň waspy dillerde dessan,şahyrlar ony taryplap şygyr döretse, döwlet nyşanymyz sungat ussatlarymyzyň aýdym- sazlarynda belent mukam bolup ýaňlanýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 15-nji maddasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlarynyň biri hökmünde bellenendir. 1992-nji ýylyň1 19-njy fewralynda kabul edilen “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň 1-2-nji maddalaryna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milletiň agzybirliginiň hem Garaşsyzlygynyň we Döwletiň Bitaraplygynyň nyşanydyr.

Ýaşyl Tugymyzda bäş sany ýyldyz, ýaňy dogan Aýyň, nepis haly gölleriniň şekillendirmegiň özboluşlygyň manysy bar.Türkmen halky asmany, älem giňişligini, tebigaty, dünýani, owadan jahany söýýän halk.Halkymyzyň ýyldyzlary agzybirligiň, doganlygyň-dostlygyň alamaty hökmünde häsiýetlendirilse, nurana Aýy rowaçlygyň gowulygyň nyşany hasaplapdyr.Haly gölleri bolsa türkmeniň geçmişiniň däp-dessurlaryny, ýagşy gylyk-häsiýetlerini, owadan kalbynda orun alan edep-ekramyny hem-de türkmen halkynyň dostlygyny we jebisligini alamatlandyrmagyň çeper beýany. Ýaşyl reňk hem ýaşaýşyň,bakylygyň,galkynyşyň beýanydyr.

NURYÝEWA MAÝA
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok