Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenabat şäherinde täze ýaşaýyş toplumy açylyp, ulanylmaga berler. Türkmenabadyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda gurlan, dört gatly we 32, 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 17-sinde gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar. Döwletlilik toýumyz bu toplumda ýüzlerçe maşgalanyň jaý toýy bilen utgaşar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Häzirki wagtda ýaşaýyş jaýlarynyň ählisiniň boýy doly galdyryldy we gapydyr penjireler oturdyldy. «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşigi hem-de ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalary tarapyndan gurulýan täze jaýlarda diwarlary suwamak we bezeg işleri dowam edýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň aralygynda çagalar üçin oýun meýdançalary we açyk asmanyň astyndaky sport meýdançalary hem göz öňünde tutulypdyr.
Täze jaýlar gündogar sebitiň merkezi şäherinde 2018-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlen 22 sany ýaşaýyş jaýynyň gabat garşysynda ýerleşýär. 2019-njy ýylda bolsa şäheriň bu künjeginde täze jaýlaryň ýene-de 40-synyň düýbi tutuldy.
Mahira Begendikowa,
Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler