Garaşsyzlyk ýalkymy — Aşgabadyň galkymy

Bäsleşige

        Garaşsyzlyk ýyllarynda paýtagtymyz Aşgabat şäherini düýpli özgertmek, abadanlaşdyrmak döwletimiziň baş maksatnamasyna öwrüldi. Şonuň netijesinde hem, ýurdumyzyň merkezi şäheriniň gurluşygynyň depgini ýylsaýyn artýar. Paýtagtymyzyň gurluşygynda milli binagärlik däpleri dikeldilip, bu işler dünýä binagärlik sungatynyň gazananlary bilen utgaşykly alnyp barylýar.

          Merjen şäherimiz Aşgabadyň gurluşyk işlerine döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýär. 1997-nji ýylda Aşgabady 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň Baş meýilnamasy tassyklanyldy. Bu meýilnamada paýtagt hökmünde Aşgabat şäheriniň syýasy keşbine laýyklykda megapolise öwrülmegi göz öňünde tutuldy.  Mermer daşlaryny, esasan hem, ak mermeri diňe bir edara jaýlarynda däl-de, eýsem ýaşaýyş jaýlaryny bezemekde-de giňden ulanmaklyk bellenildi.

       Paýtagtymyz Aşgabady 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň bu Baş meýilnamasy hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirildi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, paýtagtymyz Aşgabat 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda dünýäde ak mermere örtülen binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda bellige alyndy. Munuň özi  hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ak şäherimiz Aşgabadyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

          Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň merkezi şäheriniň ähli ýerinde diýen ýaly gurluşyk, abadanlaşdyryş işleri dowam edýär. Ak mermerli paýtagtymyz  günorta hem gündogar-günorta tarapa çalt ösýär. Paýtagtymyzyň merkezinde, Arçabil we Çandybil şaýollarynyň ugrunda örän kaşaň ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar, ministrlikleriň edara jaýlary, banklar we beýleki binalar guruldy. Ak mermerli Aşgabat Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň öň hataryny çekmek bilen, özüniň ajaýyp binagärlik keşbine eýe boldy. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň binagärlik toplumlarynyň üsti özboluşly desgalar, şol sanda iri ýaşaýyş jaý toplumlary bilen ýetirildi. Milli Liderimiziň täzeçillik strategiýasy netijesinde türkmen paýtagty häzirki zaman, okgunly ösýän hem-de ýaşamak üçin amatly şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemleýär.      

Maýsa MAKGYÝEWA,

S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet

mugallymçylyk institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok