Anna güni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy my-nasybetli “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Şeýle hem be-dewleriň täsin dünýäsi bilen bagly beýleki ulgamlaryň hünärmenleri gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde özleriniň işine uly üns berýändiginiň nyşany hökmünde, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa naýbaşy ahalteke bedewleri sowgat berildi. Wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyn-yň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowdan ajaýyp bedewleri kabul etmegini haýyş edýärler.
Meýdança ýurdumyzyň her welaýatyndan we paýtagtymyzdan bedewler yzly-yzyna çykarylýar. Şeýle hem ähli sebitleriň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular hem-de ýaş nesliň wekilleri çykýarlar.
Şeýlelikde, Ahal welaýatynyň zähmetkeşleriniň adyndan Oguzkent, Balkan we-laýatyndan Deňiz, Daşoguz welaýatyndan Gyrbedew, Lebap welaýatyndan Köýtendag, Mary welaýatyndan Murgap, Aşgabat şäherinden bolsa Akşäher atly bedewler sowgat berildi.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň adyndan ýene-de bir ajaýyp Beýikdag atly bedew sowgat berildi. Diýarymyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan milli Liderimize 2018-nji ýylda doglan, Hanbegler we Okgyz atly bedewleriň nesli bolan hem-de Gaplaňyň nesil ugruna degişli ajaýyp Hankerwen atly mele bedew sowgat berildi.
Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşýan welaýatlaryň ýaşulularyna hem-de ganatly bedewleriň şöhratly taryhyny dowam etdirmäge saldamly goşant goşýan atşynaslara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Olar hormatly Prezidentimize ajaýyp ahalteke bedewlerini sowgat berdiler.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly däbine eýerip, S.Berdimuhamedow ýurdumyzyň atşynaslary tarapyndan sowgat berlen Hank-erwen atly bedewiň boýnuna enesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakdy.
Soňra Serdar Berdimuhamedow at üstünde çapuw ýodasy boýunça gezim edip, bedewi synap gördi.
Soňra alypbaryjy ahalteke bedewleriniň arasynda halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň başlanýandygyny yglan etdi. Döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek we ahalteke bedewleriniň tutuş dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär.
Bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan ahalteke bedewleriniň iň gowularynyň 10-sy syn ediş meýdançasyna çykarylýar.
Olaryň her birini eminleriň öňünden geçirýärler. Birinji gezek at esbapsyz, ikinji gezek bolsa doly esbaplara hem-de şaý-seplere beslenen bedewleri geçirýärler.
Bäsleşigiň düzgünine laýyklykda, bedewleriň ählisi tertip boýunça emin agzalaryna we tomaşaçylara görkezildi: olaryň ady, ýaşy, nesil ugry, eýesi barada maglumatlar berilýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna meşhur atlaryň tohumyny dowam etdirýän bedewler çykýar.
Ganatly atlaryň köp sanly muşdaklary ajaýyp ahalteke bedewleriniň nesilleriniň haýran galdyryjy gözelligine hem-de syratlylygyna baha bermäge mümkinçilik aldylar.
Tebigy gözelligini bir sözde beýan edip bolmaýan täsin bedewler özleriniň owa-danlygy bilen emin agzalaryny hem-de atyň muşdaklaryny haýran galdyrdylar.
Soňra bu ýerde ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi.
Soňra ahalteke bedewleriniň arasynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” adyny almak ugrunda geçirilen halkara bäsleşigiň ýeňijisi yglan edildi. «2021-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly diýen bedew mynasyp boldy. Ony seýisläp ýetişdiren Çarymyrat Ballyýewe Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş baýragy — “Lexus” awtoulagy, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.
Bäsleşigiň ýeňijileri, döredijiligine şeýle ýokary baha berendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdiler.
Döwletgeldi Ýazberdiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
weterinar lukmançylgy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Teswirler