Ahalteke atlaryň taryhy “şa atlary” diýip atlandyrylyp ol öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Atlar ilkinji gezek Türkmenistanyň çäginde 5 müň ýyl mundan ozal eldekileşdirilen diýip türkmen taryhçylary we arheologlary belläp geçýär. Türkmenler dünýäde at bilen meşgullanýan gadymy halkdyr.
At hemişe türkmenler üçin ruhy baýlyk hasaplanylýar. Olar bolelinligiň we eşretliligiň nyşany bolup, hiç wagt pes derejede görülmändir, sebäbi wepalylyk, dostluk, pähimlilik, owadanlyk ýaly häsiýetleriň bahasy ýokdur. Ahalteke atlaryna bolsa şol häsiýetler mahsusdyr. Ahalteke atlar barada aýdymlar, rowaýatlar düzülip, ýadygärlikler dikeldilipdir. Türkmenler dünýä gymmatsyz sowgat berdiler. Olar diňe bir deňi-taýy bolmadyk atlaryň tohumyny ýetişdirmän, eýsem birnäçe asyrlar mundan ozal olar özüniň bir bölegini bagş edip, Argamagy wepaly dost, kömekçi “çöldäki ýelden yza galmaýan, aldamaýan we ikilik etmeýän” edip ýetişdiripdirler.
Ahalteke atlary özüniň ýyndamlylygy, çydamlylygy bilen tapawutlanyp, olar barada Ksenofont şeýle belleýär: “Olar bilen dünýäde tizlikde hiç zat bäsleşip bilmez, durnalar we kepderiler olaryň yzyndan zorluk bilen ýetişýärler”. Şonuň üçin olara asman atlary diýip at beripdirler. Atlar hemişe meşhur bolup şu güne çenli tohumlary saklanylyp galypdyr.
Türkmen rowaýatlaryny Süleýman Pygamberiň saklanylyp eldekileşdirilen Ahalteke atlarynyň gelip çykyşyny “deňiz ganatly argamak bilen baglanyşdyrýarlar. Şu günümize çenli halk düşünjelerimize baglylykda atlaryň ýarany, goragçysy Düldülbaba (Düldülata), onuň Düldül atly ganatly aty bolup, ol türkmen bedewiniň nesilbaşysy hasaplanypdyr. Düldül gadymy rowaýatlara görä kyn pursatlarda daglary we derýalary geçip öz eýesini halas edip gorap gelipdir.
“Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýen türkmen halk nakyly türkmenleriň durmuşynda atlaryň ähmiýetliligini görkezýär. Edil şeýle-de biziň türkmen halkymyz ilki bilen atasyndan habar alýar, soňra hem öz wepaly atyny görýär.
Ahalteke atlary Türkmenistanda geçirilýän ähli döwlet baýramçylyklaryň, dabaraly ýörişleriň, köpçülikleýin çäreleriň, toý dabaralarynyň gatnaşyjysydyr. Merkezi Aziýada türkmenler at etini tagamda ulanmaýan ýeke-täk halkdyr, sebäbi şol haýwan olar üçin mukaddes hasaplanylýar. Ýanardag atly ahalteke atynyň şekili Türkmenistanyň gerbini bezeýär. Ol bedew 1999-njy ýylda Moskwada geçirilen çempionatynyň ýeňijisi boldy.
Ýurduň ähli welaýatlarynda gurulýan häzirkizaman atçylyk toplumlary atçylyk medeniýetiniň gülläp ösmegi üçin amala aşyrylýan esasy çäreleriň aýdyň subudy bolýar. Meşhur, ýele meňzeş çalt ahalteke atlary ýurdumyzy dünýä tanatdy, bu hakykatdan-da ýeke-täk tohum bolup, çalt, ýyndam, inçe guw boýunly, inçe aýakly, şol birbada täsin çydamly atlardyr. Türkmenistan türkmen bedewiniň baýramynyň şanly senesini milli baýramçylyklarynyň reýestrine girizilen ýeke-täk ýurtdyr. Aprel aýynyň soňky ýekşenbesi Türkmen bedewiniň milli baýramy bolup, ol baýramçylyga daşary ýurtdan myhmanlar çagyrylyp giňden, dabaraly ýagdaýda döwlet derejesinde bellenilýär.
Gazakowa BAHAR,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy
Teswirler