Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň merkezine öwrülen ak şäherimiz Aşgabat ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň Bagtyýarlyk döwründe tanalmaz derejede özgerdi. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň döredileninden bäri geçen 140 ýyllyk taryhynda henize çenli görlüp eşidilmedik ösüşleri milli Liderimiziň taýsyz tagallarynyň esasynda wysal boldy. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň merkezi şäherinde gurlup ulanylmaga berlen ajaýyp desgalaryň sany sanardan kändir.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda hem, paýtagtymyzda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli birnäçe desgalaryň açylyşy boldy. Ýaňy-ýakynda, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň, Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň binasynyň açylyş dabaralary boldy. Bu dabaralar ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllyk ýubileýiniň ýurdumyzda örän giň gerimli baýramçylyk çäreleri bilen bellenilýändigini görkezýär.
Paýtagtymyzyň ýubileý ýylynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda açylan Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatynyň geçirilmegi hem-de şol halkara maslahatyndan soň birnäçe halkara resminamalaryna — Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Energetika Agentliginiň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmekligi ýurdumyzyň merjen paýtagtynyň hakykatdan-da parahatçylygyň we ynanyşmagyň merkezidigini görkezýär.
Amantäç AGALYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy
Teswirler