Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi gurlar

Türkmenistanda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary esasynda, Gurluşyk we binagärlik ministrligine Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Myradym” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň maý aýynda başlamak we çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini 2022-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Güldana Seýdullaýewa,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär

okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok