«ŞATLYKDA, GUSSADA DIŇLENER DUTAR»

Türkmen milli sazlarynyň müň röwüşli öwrümleri bar. Milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen bagşyçylyk sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, ony has-da kämilleşdirmek we ýaş nesillerde halk aýdym-sazlaryna söýgi döretmek babatda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Haçan-da aýdym-saz sungaty hakda gürrüň gozgalanda, türkmen halkynyň ähli saz gurallarynyñ arasyndan ilkinji bolup dutaryň owazy gulagyňda ỳaňlanỳar. Dutaryň has irki we gadymy gural bolany üçin bu guralyň döreýşi hakda belli bir maglumat galmandyr. Emma şu babatda dürli rowaýatlaryň üsti bilen gelip ýeten käbir çaklamalar bar. Hezreti Alynyň döwründäki Babagammaryň ady bilen baglanyşykly rowaỳat hem şolaryñ biridir.

Rowaýata görä, günlerde bir gün Hezreti Alynyň Düldül atly meşhur aty gaty keselläp, hiç hili iým iỳmändir. Bu atyň seýsi hem meşhur Babagammar bolupdyr. Ol örän ökde sazanda eken. Ol Hezreti Alydan on gün möhlet alyp, bir saz gural ýasapdyr. Babagammar atyň öňüne iým döküp, ýasan guraly bilen atyň garşysyna geçip, saz çalyp başlapdyr. Düldül täsin owaza gulagyny keýerdip, öňündäki dökülen iýme ymsynyp başlapdyr. Şeýlelikde, at halas bolupdyr. Şol jadyly saz gural dutar eken.

«Ile döwlet geler bolsa, Bagşy bilen ozan geler» diýip, dana Magtymgulynyň belleýşi ýaly, bu gün türkmen halky döwletli zamanada ýaşaýar. Keremli topragymyz kyrk dürli owazly äpet dutara meňzeýär. Ol dag başyny gümmürdedýän hatar-hatar bulutlara, dilkaw-dilkaw döşlerinden gaýdýan heserli sillere bakyp, öz mukamyny çalýar. Halkymyz bu gün öz gadymy sazyny milli owazlar dünýäsinde bitewüleşdirip, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhly dünýäsini mukamlar senasynda giň jahana ýaýýar. Geçen ýylda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisinde 2021 – 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketler meýilnamasynyň taslamasyna garalyp, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, ahalteke bedewlerini seýislemek hem-de türkmen alabaýlaryny köpeltmek baradaky hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Sekretariaty tarapyndan hasaba alynmagynyň meseleleri barada aýdylmagy dutar saz sungatymyzyň mundan buýana-da çawunyň dünýä ýaýyljakdygyna ynamymyzy artdyrdy. Indi türkmen sazlarymyz baky bagt hakda, bagtyýarlyk hakda saýrar. Goý, milli sazlarymyzyň owazy baky Bitarap döwletimizde kalplarda sena bolup ýaňlansyn!

Akbibi ILMÄMMEDOWA,

Magtymguly adyndaky
TDU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok