Janly tebigatyň milli muzeýi gaýtadan işläp başlady

Aşgabatdaky Janly tebigatyň milli muzeýi duşenbeden başga her gün 9:00-dan 18:00-a çenli myhmanlara hyzmat eder. Giriş peteklerini şol ýerde ýerleşýän kassalardan alyp bolýar. Petekler 18:00-a çenli satylýar. Bir petegiň bahasy — 3 manat, 3 ýaşa çenli çagalara giriş tölegsiz.

Şol bir wagtda petek satyn alanlara haýwanat bagynda 20:00-a çenli gezelenç etmäge mümkinçiligi bolar.

Aşgabatdaky haýwanat bagy Türkmenistanda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça adatdan daşary toparyň karary bilen geçen ýylyň iýulynda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen öz işini çäklendiripdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok