Şanly sene binagärlik sungaty bilen ýatlanar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýi her şäherde her obada gurulýan täze binalardyr desgalary bilen ýatda galar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýyl Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň täze taryhyna altyn sahypa bolup ýazylýar. Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramlaryny şeýle hem ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyny dünýä nusgalyk derejede belläp geçmäge giňden taýýarlyk görülýär. Bu barada ýakynda geçiren sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti aýratyn belläp geçdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2021 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegi, şeýle hem esasy baýramlara — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyna, şeýle hem baky Bitaraplyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitledi.

«Garaşsyz döwletimiziň ýubileýi her şäherde, her obada gurlan ähli täze binalar we desgalar bilen ýatda galmalydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we welaýatlar boýunça jogapkär edilip bellenen wise-premýerlere ýokarda agzalan maksatnamanyň durmuşa geçirilişi barada Ministrler Kabinetiniň her mejlisinde hasabat bermegi, welaýat häkimlerine bolsa sanly ulgam arkaly geçirilýän her iş maslahatynda hasabat bermegi tabşyrdy.

Mahlasy, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýi her şäherde her obada gurulýan täze binalardyr desgalary bilen ýatda galar.

Döwlet Baýramow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk istitutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok