Demirgazyk welaýatda şaly ekişiniň depgini artýar

Häzirki wagtda ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda şaly ekişine ýokary depginde taýýarlyk görülýär. Esasan hem welaýatyň S.Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.Nyýazow adyndaky we “27-nji oktýabr” daýhan birleşiklerinde şu ýyl, 8100 gektar ýere şaly ekmek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda bu ýerde şaly ekiljek meýdanlar ir bahardan sürülip ekişe taýýarlyk görülýär. Şu ýyl welaýatda ekiş üçin, 1782 tonna ýokary hilli şaly tohumyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok