Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden dabaralandyrylýan, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzyň başynda türkmen milletiniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny ebedileşdirmeklik bilen baglanyşykly iki sany hoş habar bütin halkymyzyň ruhuny galkyndyryp, milli buýsanç duýgusyny goşalandyrdy. Bu hoş habarlar Magtymguly Pyragynyň täze heýkeliniň ýakyn günlerde meýilleşdirilen açylyş dabarasy bilen beýik akyldaryň 300 ýyllyk ýubileý toýuny 2024-nji ýylda belläp geçmeklik baradaky hoş habarlardyr.
Şu ýylyň 27-nji iýunynda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni hem-de döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli beýik akyldaryň Köpetdagyň belent gerşinde bina edilen ýadygärlik heýkeliniň açylyş dabarasy bolar.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda, şu ýylyň 12-nji fewralynda 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemeklik boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Bu şanly sene mynasybetli, häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň üsti bilen şahyra degişli ähli maglumatlary özünde jemleýän «Magtymguly Pyragy» ensiklopediýasy ilkinji gezek dörediler, sanly we neşir görnüşinde bolsa «Magtymguly Pyragy» diwany taýýarlanylar.
Häzirki wagtda, umumyadamzat genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen, XVIII asyryň meşhur akyldar şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylan ýörite internet-portalyny döretmeklik maksat edinilýär.
Mekan ANNAGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler